Русский
Habarlaşmak

Türkmenistan Astrahanda geçiriljek «Hazar mediaforumy — 2024-e» gatnaşar

16-17-nji awgustda Astrahanda «Hazar mediaforumy – 2024» atly halkara forumy guralyp, ol «Hazar sebitiniň ösüşi esasynda medeniýetleriň gepleşikleri» temasy esasynda ýaýbaňlandyrylar.

 

Bu çärä her ýyl žurnalistika jemgyýetiniň wekilleri, hökümet edaralary, alymlar, syýasat we metbugat hünärmenleri, şeýle-de dürli ýurtlardan jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar.

 

Nobatdaky foruma Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkmenistandan, Belarusdan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan wekilýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Çäräniň geçjek esasy ýeri Astrahan döwlet opera we balet teatry bolar. Forumyň çäginde «Serhetsiz Hazar» atly iň oňat žurnalistiki eser ugrundaky bäsleşigiň netijelerini jemlemek dabarasy hem geçiriler.