Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

 

“Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

 

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

 

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine pugta ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.