23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň ilkinji sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer diýlip, habarda aýdylýar.