Русский
Habarlaşmak

«Samsung» smartfonlarynyň tutuş ekranynda barmak yzlary üçin skaner

Taslama heniz patent alynmaly tapgyrda alnyp barylýar. Tehnologiýanyň maksady telefonyň ekranynyň islendik ýerinde barmak yzyny goýmak arkaly açmakdan ybaratdyr.

Habarlara görä, doly ekranly barmak yzynyň skaneri «Samsung Galaxy Fold» modeliniň ýedinji neslinde ornaşdyrylar. Şeýlelikde, kompaniýa bäsdeşlerinden tapawutlanyp, ulanyjylaryň ünsüni has-da özüne çeker.

Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, eplenýän smartfon ulanyjylary ekranyň islendik ýerinde barmak yzyny goýmak bilen enjamy açyp bilerler. «Samsung» häzirki wagtda şeýle tehnologiýa taslamasyna eýeçilik edýän ilkinji kompaniýadyr.

Häzirlikçe bu tehnologiýa taslamasy kagyz ýüzünde we nobatdaky tehnologiýa täzeliginiň «Galaxy Z Fold 7» ýa-da «Z Flip 7» nesilleriniň haýsynda amala aşyryljagy näbellidir.

«Samsungyň» doly ekranly barmak yzyny tanaýjy skaneri ornaşdyrmagynyň ýene bir sebäbi geljekde «foldlaryň» galyňlygyny azaltmakda jemlenýär.

SalamNews Link: https://salamnews.tm/news/blog/samsung-yn-tutus-ekranynda-barmak-yzlary-ucin-skaner-ornasdyrylar-8fed4e