28 Iýun, 2024
Özbegistanda yssy howa sebäpli otlularyň tizligi çäklendiriler

Özbegistanda yssy howa sebäpli ýolagçylaryň hem-de otlularyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin otlularyň hereketine çäklendirme girizilýär. Bu barada «Uztemirýulýulowçi» edarasynyň metbugat gullugyna salgylanýan «Report.az» ýazýar.
Otlularyň hereketine çäklendirme demir ýol relsleriniň gyzmagy bilen baglylykda girizilýär. Bu çäre ýolagçy otlularyň gatnawlarynda gijikmelere getirip biler.
Şeýle hem bu çäklendirmeleriň otlularyň sowadyjylarynyň işçi kuwwatyny peseltmäge getirip biljekdigi bellenýär.