27 Iýun, 2024
Gazagystanda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi

Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky Gazagystanyň milli aýdym-sazly we drama teatrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gala konserti geçirildi.
Sahnada halk artistleri we Türkmenistanyň abraýly sungat ussatlary, respublikan we milli ýaryşlaryň ýeňijileri çykyş etdiler. Olar halk estrada aýdymlaryny we halk kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Dabara Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, döredijilik we ylmy şahsyýetler, iki ýurduň jemgyýetçilik işgärleri hem gatnaşdy.
Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Erbol Alikulow öz çykyşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky köpri bolup, köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanmagyna goşant goşýandygyny aýtdy.
Konsertiň çäginde teatryň eýwanynda Türkmenistanyň halk amaly-haşam sungatynyň we muzeý hazynalarynyň sergisi geçirildi.
Çäräniň Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilendigini bellemelidiris.
.jpg)

.jpg)