14 Fewral, 2024
Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklandy

Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2024-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, sebitleriň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, sanly ykdysadyýeti we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň işini giňeltmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.