17 Iýun, 2024
Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy topary Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 9 medalyny eýeledi

Türkmenistanyň adaty karate boýunça boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalary Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna eýe çykdylar.
Ýaryş 8 — 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçdi. Oňa bäş ýurtdan bolan türgenleriň 300-den gowragy gatnaşdy.
Türkmen ýygyndysyndan altyn medallara eýe bolan türgenler:
- Yhlas Annagurbanow (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kata).
- Ibragim Şagulyýew (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
- Nurgeldi Annagurbanow (18 — 21 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kata).
- Selim Myratdurdyýew (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
Kümüş medallar:
- Serdar Baýryýew (16-17 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
- Ýagmyrmyrat Sähetmyradow (18 — 21 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
- Gurbannazar Hümmedow (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
Bürünç medallar:
- Ýunus Muhammetgulyýew (14-15 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
- Myratbek Baltaýew (22 — 25 ýaş derejesindäki türgenleriň arasynda, kumite).
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çempionatyň netijesi boýunça medal sanawynda üçünji orny eýeländigini hem bellemek gerek.