Русский
Habarlaşmak

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy goşgy okamak bäsleşigini gurady

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy ýerli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okamak boýunça bäsleşik geçirdi.

Beýik türkmen şahyrynyň goşgulary iňlis, fransuz we portugal dillerinde ýerine ýetirildi diýlip, HHM tarapyndan habar berildi.

Gatnaşyjylaryň biri Magtymguly Pyragynyň goşgusyny ilkinji gezek iňlis dilinden portugal diline terjime etdi diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň sekretary Maral Rahymowa aýtdy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine baýrak hökmünde türkmen halysy gowşuryldy hem-de milli süýjülikler berildi. Çeşmäniň habaryna görä, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu çäräniň çäginde türkmen milli eşikleriniň we şaý-sepleriniň sergisi hem guraldy.