Русский
Habarlaşmak

Ýewropa Bileleşiginde ýol ulaglaryndaky tahograflar we jerimeler bilen bagly üýtgeşmeler güýje girdi

Ýewropa Bileleşiginde tahograf düzgünleriniň berjaý edilişini gowulandyrmak üçin, esasan hem, ýol ýük ulaglary we wagtal-wagtal ýolagçy gatnawy nukdaýnazaryndan «ÝB 561/2006” Düzgünnamasyna üýtgetme girizmek bilen, «ÝB 2024/1258” atly täze düzgün güýje girdi. Bu barada «kam-bus.info” portalynyň maglumatlaryna esaslanýan «Логист.Today” habar berdi.

Täzelikler 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda güýje girdi. Olar ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, daşaýjylaryň arasynda adalatly bäsdeşligi üpjün etmäge we Ýewropa Bileleşiginde sürüjiler üçin zähmet şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Esasy üýtgeşmeleriň arasynda jeza çäreleriniň serhetaşa ýerine ýetirilmegi-de bar. Mundan beýläk Ýewropa Bileleşigine agza bolan islendik döwletiň ýolbaşçylary nirede edilendigine garamazdan, üçünji ýurtlarda hem takograf bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin jerime salyp bilerler. Ozallar diňe jenaýatyň bellige alnan ýurdunda jerime salynýardy.