Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Biz gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsümini açmak babatda ýola goýlan taýýarlyk işleriniň netijesi dogrusynda gyzyklanyp, dynç alyş merkeziniň direktory Parahat Sapargulyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol bu barada şeýle gürrüň berdi:
— Çagalary hemmetaraplaýyn mähirli gurşap almak we olaryň dynç alyşlaryny ýokary derejede geçirmekleri üçin ähli şertleri döretdik. Bu işleri hormatly Prezidentimiziň çagalaryň durnukly bilim almaklary bilen bir hatarda, olaryň döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmelidigi babatda edýän talabyna laýyklykda ýola goýduk.
Tekstiň bolmaly ýeriMerkeziň kitaphanasy täze neşirler bilen baýlaşdyryldy. Saglyk otaglary derman we zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen üpjün edildi. Merkeziň kompýuter gurnagy otagy 20 sany täze kompýuterler bilen üpjün edildi. Saglyk öýi, 500 orunlyk naharhana, 500 orunlyk medeni-dynç alyş merkezi, 2 sany sport meýdança, 2 sany suw toplumy çagalaryň hyzmatynda bolar.
Täze dynç alyş möwsüminde çagalar ýokary derejede iýmitlendiriler. Munuň üçin merkeziň naharhanasy öz işine ökde aşhana işgärleri bilen üpjün edildi. «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezimiz nesip bolsa, 2-nji iýunynda öz döwletli gapysyny eziz çagalarymyz üçin giňden açar.
Biz bu şatlykly güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we dynç almaga geljek çagalarymyza «Dynç alşyňyz şowly bolsun!» diýýäris.