Русский
Habarlaşmak

Aziýadan Ýewropa konteýner daşamagyň bahasy iki esse ýokarlandy

Halkara bron platformasy bolan “Freightos”-yň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aziýadan Demirgazyk Ýewropa 40 futlyk konteýneri daşamagyň bahasy iki esse artyp, 4000 ABŞ dollaryna ýetdi, şol bir wagtyň özünde Ortaýer deňziniň ýurtlaryna Gyzyl deňziň we Sues kanalynyň üsti bilen konteýner ugratmagyň bahasy bolsa 5175 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy.

“Freightos” guramasynyň analitikleriniň başlygy Juda Lewin käbir ýük daşaýjylaryň Aziýadan Ortaýer deňzine bir konteýner ibermegiň bahasyny 6000 dollara çenli (ýanwar aýynyň ortalaryndan) ýokarlandyrandygyny we bir konteýner üçin 500 dollardan 2700 dollar aralygynda goşmaça tölegleri ulanmagyň bahalaryň hasam ýokarlanyp biljekdigini belledi.

Bahalaryň ýokarlanmagy birnäçe ýük daşaýjylaryň gämileriniň Gyzyl deňziň üstünden geçmegi bilen bagly bolup, bu ýerde döran syýasy ýagdaýlar sebäpli, indi gämileriň galaba bölegi Sues kanalynyň üsti bilen däl-de, eýsem Afrikanyň günortasyndan aýlanýar.

Bular bilen baglylykda, Aziýadan Ýewropa konteýner gämilerinde ýük daşamak üçin çykdajylar çalt depginde ýokarlandy. Bu ýagdaý her gäminiň ýüzüş möhletini 7–20 gün aralygynda uzalmagyna we konteýner gämileriniň ýetmezçiligine sebäp bolýar.

Demirgazyk Amerikanyň portlaryna gatnawyň bahasy hem ýokarlandy. Demirgazyk Amerikanyň gündogar kenarlarynda bahalar 55% ýokarlandy, bir konteýneriň daşama bahasy 3900 dollara, günbatar kenarlarynda bolsa 63% ýokarlanyp, konteýneriň daşama bahasy 2700 dollara çenli ýetdi.