Русский
Habarlaşmak

"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi hormat hatyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky 374 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2023-nji ýylyň iş meýilnamasy esasynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde “Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli edaralaryň amala aşyrmaly çäreleriniň guralyşyny kämilleşdirmek” atly toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi.

Tälim beriş-türgenleşik okuwynyň maksady:




  • Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirilmeli hereketleri aýdyňlaşdyrmak
  • Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň özära sazlaşykly hereketleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini gazanmak
  •  Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda çekiljek güýçleri we serişdeleri takyklamak hem-de olaryň hereketleriniň galjaňlygyny gazanmak
  • Dolandyryş edaralarynyň, adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň, birikmeleriň özara bilelikdäki sazlaşykly hereketlerini kämilleşdirmegi gazanmak bolup durýar.

Tälim beriş-türgenleşik okuwy üç tapgyrda geçirildi. Türgenleşigiň çäginde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit we nebit önümlerini daşaýjy gämide tehniki näsazlyk sebäpli gämide ýangyn döreýär. Hadysa barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Gämi dolandyryş merkezi” binasyndaky operator habary kabul edip Raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna dessin habar berýär. Ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we olaryň zyýanlaryny peseltmek boýunça Raýat goranyşynyň ýolbaşçy düzümler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş merkezine (Konteýner terminalynyň ýygnak zalynda) ýygnanyşýarlar we anyk wezipeleri kesgitlenýär we wezipe goýulýar, hem-de degişli çözgütler kabul edilýär.

Hadysa boýunça gulluklar hem-de edara-kärhanalar tarapyndan çekiljek güýçler we serişdeler boýunça hasabatlar şeýle hem olar gözden geçirilýär. Çözgütler kabul edilýän döwründe nebit we nebit daşaýjy gämide dörän ýangyny we deňziň nebit bilen hapalanan meýdanyny anyklamak we dörän ýeri baradaky maglumatlary hasaba almak üçin deňizde “Ýyldyrym” ýangyn söndüriji gämi aňtow işleri geçirilýär. Degişli çözgütler kabul edilen badyna hadysanyň dörän koordinatasyna deňizde çekilýän güýçler we serişdeler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Deňizde awariýa halas ediş gullugу bilen bilelikde wezipä girişýärler we hadysanyň dörän ýerinde deňiz giňişligine dökülen nebiti ýygnamak üçin bon germewleri gurnalýar. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we zyýanyny ýok etmek boýunça Raýat goranyşynyň başlygynyň ýolbaşçy düzüminden geçirilen abatlaýyş-bejeriş, dikeldiş işleri barada maglumatlary anyklaýar, hasabatlary kabul edýär we ýetirilen ýitginiň möçberini anyklaýar, Merkezi Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparyna hasabat we teklipleri berýär.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portynda adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň dolandyryş merkezini ýaýbaňlandyrmak, Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleri anyklamak we çözgütleri kabul etmek boýunça “Taýýar” diýilip ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda Balkan welaýatynyň häkiminiň 2023-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky HB-125 belgili buýrugy esasynda Welaýatyň çäginde geçirilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk çärelerinde we okuw türgenleşikleriň netjesini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň jemi boýunça gowy netijeleri görkezenligi üçin “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hormat haty bilen sylaglandy.