Belarusyň ulag we aragatnaşyk ministri Alekseý Lýahnowiç geçen ýylyň
netijelerine esaslanyp, Respublikanyň Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň
eksportyny 3,6 esse artdyryp bilendigini aýtdy. “БелТА” tarapyndan berlen
habarda belarus ulag operatorlary tarapyndan awtoulag arkaly halkara ýük
daşamalarynyň mümkin bolan ýurtlarynyň sanynynyň 14-e ýetendigi beýan
edilýär.
Bu maglumatlar Belarus hökümetiniň geçen ýylyň netijeleri baradaky
ýygnagyndan soň aýan edildi. Mundan başga-da, şeýle ösüşiň Braziliýa (4,9 esse),
Pakistana (4,2 esse), Müsüre (2,5 esse), Hytaýa (2,3 esse) hem-de Indoneziýa (2,2
esse) edilýän ulag boýunça eksportyň derejesinde hem bellige alnandygy aýdyldy.
Belarus Respublikasy gury ýerde ulag-logistika kuwwatlyklaryny işjeň
ösdürýär, milli ulag parkyny giňeldýär we bar bolan infrastrukturany
döwrebaplaşdyrýar.