Русский
Habarlaşmak

Ýurtda ulag hyzmatlary 121% ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň

Baş direktory M.Çakyýew Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gözegçilik

edýän düzümlerinde 2023-nji ýylyň ýanwar - dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen

işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň

ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Geçen ýylda awtomobil, demir ýol, howa,

deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,5 göterime,

ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylda

«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş

depgini 106,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 118 göterime,

«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 192,2 göterime,

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,1 göterime,

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,5 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly

ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine

ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-

logistika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri

boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň geçirilen mejlisleriniň netijeleri, ulag-

aragatnaşyk toplumy üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik we durmuş

maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň gönükdirilişi barada hasabat

berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny

ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň

we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak,

ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça

işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol

ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýagny demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny

artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri netijeli alyp

barmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkynyň üstüni döwrebap

awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli ýetirmek

boýunça işleri alyp barmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek

babatdaky işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de ýurdumyzda

howa menzilleriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, howa gämileriniň

düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar

boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek

boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz

portunyň mümkinçiliklerini, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş

zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak wajypdyr.


Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň

talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda

birnäçe anyk tabşyryklary berdi.