18 Maý, 2024
Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy

17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy, bu barada TDH habar berýär.
Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär.
Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.
Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde türkmenistanly we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýet agşamlarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, aýdym-sazly çykyşlaryň yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde, bu seýilgäh toplumy Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Soňra Döwlet Baştutanymyz baýramçylyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan medeni-seýilgäh toplumyny açýar. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.
Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşdirilen.

Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegindäki meýdança geldiler. Ýol ugrunda Watanymyzy wasp edýän edebi-sazly çeper kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar basgançaklar arkaly türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline tarap ugradylar.
Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.
Basgançaklaryň her aralygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny alamatlandyrýan bäş sany haly gölüniň şekilinde bezelen ýörite sahna meýdançalary gurlupdyr. Bu ýerde teatr artistleri meşhur türkmen şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň we Mätäjiniň keşbinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary okaýarlar, aýdymçylar çeper sözüň beýik ussadynyň goşgularyna döredilen «Gidiji bolma», «Näme sen?», «Mert bolmaz», «Bady-sabany görsem», «Bu gün» atly aýdymlary ýerine ýetirýärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.
Beýik şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy bolup, öz hak mirasdüşerlerine — häzirki bagtyýar nesillere gelip ýetdi. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär. Türkmenistan gün-günden kuwwatlanyp, dünýäniň iň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi...
Dabaranyň ahyryndaky dronlaryň şüweleňi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi. Yşyklar we dürli şekiller, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan çykyş ajaýyp tomaşany, täsirli pursatlary döretdi.

Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda medeniýet ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň täzeçil usullary ulanmak arkaly, ýokary derejede guralmagyna innowasion taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.