Русский
Habarlaşmak

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi.

Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, “Türkmendeňizderýaýollary” Gullugynyň başlygy, Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň başlygy we “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.

1.jpg

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki perspektiwalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda Türkmenbaşy portunyň iki ýurt arasyndaky deňiz transportynda oýnan roly, şeýle hem Kaspi Transpress Halkara Ulag Koridorynyň ösüşiniň ähmiýeti agzaldy.

2.jpg

Mundan başga-da, saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynda ýaşaýan Azerbaýjan raýatlary we watandaşlary bilen duşuşdy. Duşuşykda Ilçi Azerbaýjan döwletiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna berýän ähmiýeti we aladasy barada söhbet etdi, Azerbaýjan watandaşlarynyň tekliplerini, haýyşlaryny diňledi we özara pikir alyşdy.

3.jpg

ORIENT news



Orient Link: https://orient.tm/tm/post/72208/azerbayjan-respublikasynyn-turkmenistandaky-ilcisi-sapary-bilen-balkan-welayatyna-gitdi