Русский
Habarlaşmak

Türkmenistandan ýollanan ynsanperwer kömek Bişkege bardy

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege Türkmenistandan ynsanperwer kömeginiň barandygyny « Вести.kg » habar berýär.

Biz Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazyň dost-doganlyk kömegi hökmünde ýurdymyzdan Gyrgyz Respublikasyna ýollanandygyny ozal habar beripdik.

Demir ýol bilen baran 58 wagon degişli döwlet edaralarynyň wekilleri tarapyndan garşy alyndy.  

Ynsanperwerlik kömegini kabul eden Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Atabek Abylgaziýew berlen ýardam üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.