Русский
Habarlaşmak

Türkmenistan demir ýol infrastrukturasyny gowulandyrmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi demir ýollaryny moderniezirleme işlerini meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabatynda belläp geçdi.

Hususan-da, ýurduň demir ýol menzillerinde bar bolanlary döwrebaplaşdyrmak we daşky gurşawy goramak talaplaryny göz öňünde tutup täze infrastruktura gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow demir ýol ulaglaryny gowulandyrmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.