"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Bonus Kart

Bonus kart barada maglumat

“Demirýollary” AGPJ 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her ýolagçynyň pasportyna birikdirilen “Bonus kart”-lary ulanyşa goýberdi. Bonus karty açdyrmak üçin zerur bolan maglumatlary ýolagçy menzillerindäki kassalardan alyp bilersiňiz. Bonus kartyny açdyrmak tölegsiz, ýitirilen ýagdaýynda dikeltmek bolsa tölegli hyzmatlaryň sanawynda.

Barla

“Bonus Kart” ulanyjylary onlaýn ýa-da plastiki kartlar arkaly bilet satyn alanlarynda kartlaryna bonuslar ýygnalýar. Ýygnalan ýyllyk bonuslardan peýdalanmagyň ahyrky möhleti  her ýylyň 31-nji Dekabry. Her ýylyň başynda ulanylman galan bonuslar kartdan öçürilýär we täzeden başlaýar. Ýylyň dowamynda ýygnalan ballar bilen ýolagçylar aşakda görkezilen hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

Ýolagçylar hyzmatlar we harytlar bilen hasaplaşanlarynda ballarynyň hasabyna şu aşakdaky hyzmatlardan peýdalanylyp biliner:

  • Demir ýol ýolagçy biletler
  • Ýolagçy gatnawlarynda orunlary saýlamak hyzmatlary
  • Ýolagçy otlylarynda el goşlaryny daşamak hyzmatlary
  • Ýolagçy otlylarynda Media Wi-Fi hyzmatlary