"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Ýolagçy gatnawlary

Her ýylda 6 million ýolagçy

"Türkmendemirýollary" agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Ýolagçylarymyzyň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlugyny üpjün etmek maksatlaryny göz öňünde tutýan "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär. Hyzmatymyza türkmen sährasynyň ajaýyp peýzažynyň lezzetini duýmak isleýän dünýä jahankeşdelerinden we ýerli ýolagçylardan gelýän hoşallyk teswirleri agzybir işgärlerimizi has hem ruhlandyrýar. 

Online biletler

"Türkmendemirýollary" agentligi ýolagçylar üçin online bilet hyzmatyny ýola goýdy. Ýolagçylar öz akylly telefonlaryna gurnalan "Türkmendemirýollary" agentligi  programmasynyň kömegi ýa-da railway.gov.tm internet saýtyna girmek arkaly syýahat etmek isleýän wagtynda, şeýle hem syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Biletleriň tölegini "Altyn Asyr" töleg kartlary arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulan.  

Ähli biletler telefonlaryňyzda

"Türkmendemirýollary" agentligi ilatymyza berýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek, pudagymyzyň maddy binýadyny berkitmek, häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenilen programmalary ulanyjylara hödürledi. Programmalar arkaly elektron biletleri satyn almak bilen birlikde syýahat edilen ähli biletleri telefonyňyzda saklamak mümkin.

Programmanyň Android telefonlary üçin niýetlenen görnüşini PlayMarket-den, iOS telefonlary üçin niýetlenen görnüşini App Store-dan ýükläp bilersiňiz

Hyzmatlardan peýdalanmak üçin online gollanmalar

Berýän hyzmatlarymyzdan peýdalanmagyň şertleri, düzgünleri we usullary hakyndaky wideo gollanma aşakdaky düwmelere basmak arkaly ýüzlenip bilersiňiz.

  • GOLDANMA
  • WIDEO SAPAK

Köp soralýan soraglar

Biletleriň bahasy, el we ýan goşlaryň düzgüni we elektron biletlerden peýdalanmagyň usuly hakynda ýolagçylarymyz tarapyndan köp soralan soraglaryň içinden esasylaryny jogaplary bilen size ýetirmegi makul bildik. Aşakdaky soraglardan we jogaplardan özüňize gerek maglumaty tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda "+993 (12) 38 32 73" belgisine jaň etmek arkaly biziň bilen habarlaşyň!