Русский
Habarlaşmak

Biz barada

Biz barada

Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegi boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek babatda ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Bu strategik ähmiýetli halkara ugruň häzirki şertlerde dikeldilmegini baş wezipe hökmünde kesgitlän Türkmenistan döwleti özüniň ulag diplomatiýasyny bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde işjeň peýdalanýar.  "Demirýollary" AGPJ hem bu halkara ähmiýetli taslamalaryň dogry we wagtynda durmuşa geçirilmegine goşant goşmagy özüniň esasy maksady edinýär.

"Demirýollary" AGPJ "Türkmendemirýollary" agentliginiň düzüminde ýerleşip, ýolagçy we ýük gatnawlary hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýolagçylaryň sanynyň  artýanlygy  sebäpli ýurdymyzda ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we raýatlarymyzyň demir ýol ulaglarynda gatnawa bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýolagçy otlularynyň gatnawlarynda tassyklanan tertibinden başga-da goşmaça ýolagçy otlularyň gatnawy ýola goýulýar.

"Demirýollary" AGPJ her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat berýär edýär. Ýolagçylarymyzyň syýahat wagty rahatlygyny we howpsuzlugyny üpjin etmek maksatly "Ýolagçy" bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär. Hyzmatymyza türkmen sährasynyň ajaýyp peýzažynyň lezzetini duýmak isleýän dünýä jahankeşdelerinden we ýerli ýolagçylardan gelýän hoşallyk teswirleri agzybir işgärlerimizi has hem ruhlandyrýar. 

"Demirýollary" AGPJ demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň ençeme görnüşini amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde onuň ençeme wekilçilikleri ýerleşýär.

Türkmenistanyň çägi we GDA, Baltiýa, Eýran, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlar boýunça eksport, import we tranzit ýükleri daşamak üçin iň pes (minimal) demir ýol nyrhnamalaryny (tariflerini) hödürleýär we şuňa laýyklykda, ýük daşamagyň demir ýol nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda müşderilere hyzmat berýär edýär.

"Türkmendemirýollary" agentligi "Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" AGPJ-niň 35% göterim paýdary bolup çykyş edýär. Turkmenistanyň ulag we logistika merkezi ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly, şol sanda awtomobil, demir ýol, awia howa gatnawlary, deňiz we konteýner gatnawlary, ýük daşamalary sepleşdirip özara utgaşdyryp, ýüküň ýüklenilen ýerinden onuň düşürilmeli ýerine çenli, şeýle hem harytlary saklamak, ýükleme-düşürme işlerini, gümrük resmilleşdirme işlerini amala aşyrýar.

Habarlaşmak

  • Salgymyz:

    744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., 
    Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7
  • Tel:

    +993 (12) 383275

  • Faks:

    +993 (12) 390620, 941874

  • E-mail:

CAPTCHA Image Refresh Image