DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly – Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi

Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw
Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna
sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi
bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
-Bu ýol Gazgystany, Russiýanyň merkezi sebitlerini we Türkmenistany Eýran bilen,
Pars aýlagynyň sebitindäki ýurtlar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary
bilen baglanyşdyrýan goşmaça ugurlary döreder. Ol üstaşyr ýük we ýolagçy
gatnawlaryny artdyrýar hem-de ulag çykdajylaryny azaldýar, syýahat etmek üçin wagt
tygşytlaýar we ykdysady ösüşe ýardam berer – diýip, Antonowiç aýtdy.
Ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslama gatnaşyjy döwletlere
dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredýändigini hem-de Ýewraziýanyň demir
ýol ulgamynyň örän ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny nygtady.
Häzirki günde Türkmenistan DÝHG №6 we №10 geçelgelere hem gatnaşýar diýip,
Miroslaw Antonowiç sözüniň üstüni ýetirdi hem-de Türkmenistanyň DÝHG-niň
halkara üstaşyr nyrhlary we ýeke-täk üstaşyr nyrh baradaky şertnamalaryna
goşulyşandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistana Hytaý we Ýewropa ugurlary
boýunça üstaşyr geçirmek babatdaky ýeke-täk nyrhlary ylalaşmak üçin oňaýly
ýagdaýlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik bermek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy we
gatnaşyklary pugtalandyrar hem-de gatnawlary ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini
açar.
Antonowiçiň pikirine görä, şu maksatlara, şeýle hem demir ýollar arkaly gatnawlarda
ýeke-täk resminamanyň giňden ulanylmagy ýardam berer, bu resminama häzir
Guramanyň çäklerinde ösdürilýär.
-Täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalryň, şol sanda sanly
tehnologiýalaryň şertlerinde DÝHG yzygiderli özgerýär, ösüşlere beslenýär, agza
ýurtlaryň demir ýollaryny kämilleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň täze ugurlaryny
gözleýär. Serhet we gümrük amallary geçilende, wagtyň tygşytlanmagy,
resminamalaryň möçberiniň azaldylmagy hem-de kagyz görnüşdäki resminama
dolanyşygynyň aradan aýrylmagy, daşamagyň tizliginiň artdyrylmagy – ol we işleriň

beýleki ugurlary döwrüň ähli talaplaryna hem-de çagyryşlaryna jogap bermäge
mümkinçilik berýär—diýip, Antonowiç aýtdy.