“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan halk köpçüligine edilýän hyzmatlaryň biri ýükleri daşamak hyzmaty bolup durýar. Demirýol ulag ulgamy arkaly ýük daşamaga isleg birdirýänleriň sanynyň gün-günden artýandygyny göz öňünde tutup, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu hyzmatyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara görnüşli hem-de telekeçiligiň hususy bölümçelerinde ýükleri daşamak bilen meşgullanýan ähli müşderilere goşmaça ýük wagonlaryň ugruny anyklamak hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat her bir müşderä öz ýüküniň barýan ugryny anyklamaga hem-de ýüküň ýagdaýy baradaky maglumatlary almaga, bu bolsa öz gezeginde müşderileriň gyzyldan gymmatly wagtyny tygşytlamaga ýardam berer.
Nyrhnamalar
T/B | Hyzmatlaryň görnüşleri(Bellenilen çäkler) | Bir wagony günde bir gezek habar bermegiň GBüS-li bahasy manatda. |
1 | 1 wagondan – 5 wagona çenli habarbermek. | 4.21 |
2 | 6 wagondan – 40 wagona çenli habarbermek. | 0.70 |
3 | 41 wagondan – 160 wagona çenli habarbermek. | 0.41 |
4 | 161 wagondan – 280 wagona çenli habarbermek. | 0.18 |
5 | 281 wagondan – 400 wagona çenli habarbermek. | 0.15 |
6 | 401 wagondan – 520 wagona çenli habarbermek. | 0.14 |
7 | 521 wagondan – 640 wagona çenli habarbermek. | 0.13 |
8 | 641 wagondan – 1000 wagona çenli habarbermek. | 0.12 |