"Türkmendemirýollary"
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

VIP wagonlar ýola düşýär

«Türkmendemirýollary» agentligi Fewral aýynyň 1-den VIP görnüşli ýagny ýokary hyzmat derejeleri hödürlenýän gatnawlary ýola goýýar.

Bu ýolagçy wagonlarynyň biletleri bolsa railway.gov.tm we demirýol bilet kassalarynda satyşa göýberildi.

Bu wagonda ýolagçylara berilýan hyzmatlaryň beýleki wagonlardan tapawudy ýolagçylara agşamlaryna nahar bilen birlikde, alkogolsyz içgileriň hödürlenmegidir. Şeýle hem ýolagçylaryň isleglerine laýyklykda çaý we kofe hyzmatlary hem ýola goýulýar.

Bulardan başga-da ýolagçylara syýahat döwründe ulanmagy üçin bir gezek ulanmaga niýetlenilen mata şlýopkalar, süpürgüçler we ýokary hilli ak ýapynjalar beriler.

Bu wagonda ýolagçy kupeleri dört adam üçin niýetlenilen.
 
Bu täze hyzmat boýunça ýüze çykan soraglaryňyzy, gije-gündiziň dowamynda sorag-jogap gullugyndan alyp bilersiňiz.
Telefon belgiler: +993 (12) 383273 | 75 | 76 | 79
 
Ýokary derejeli VIP wagonlarymyzda syýahat etmek üçin howlugyň!