Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2026-2027-nji okuw ýyly üçin şu hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk.

2. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.

3. Demir ýollarynyň gurluşygy, ýollar we ýol hojalygy.

4. Lokomotiw hojalygy.

5. Wagon hojalygy.

6. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

7. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.

8. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

Okuwyň möhleti - 2,5 ýyl.

Resminamalar Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 13-nji iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Şeýle hem başlangyç hünär bilim boýunça “Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi” hem-de gündizki-gaýybana “Dispetçer gullugynyň operatory” we “Stansiýa boýunça nobatçy” hünärlerine talyplyga kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 1 we 1,5 ýyl.

Resminamalar Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 01-nji iýunyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Welaýatlardan okuwa giren talyplar umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri, 2035-nji (Kemine) köçe, 84. 

 

Habarlaşmak üçin telefonlar

           94-31-27.       94-31-47.