Bitarap Türkmenistan döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen halkara üstaşyr-ulag we logistika merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa ─ Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we ýörite komissiýasy (ESKATO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşi (IRU) hem-de Ýewropa ─ Kawkaz ─ Aziýa ulag geçelgesi boýunça (TRASEKA) hökümetara komisiýasy we beýleki abraýly guramalar bilen birlikde guralan maslahatyň ýokary derejesi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmek hakynda öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň bellärliklidir.
Bu babatda, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda: “Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýan üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini gurmaga hem işjeň gatnaşýarys. Ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler.” diýip belleýar.
Halkara ulag-üstaşyr gatnawynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, üstaşyr geçelgelerini giňeltmek, iri ulag logistik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin
ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr logistika gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan umumy ykrar edilen resminamalara goşulyşmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şundan ugur alnyp, 2023-nji 30-njy sentýabrynda “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda Türkmenistan kanuny kabul edildi. Türkmenistan bu gurama girmek bilen, özüniň ulag pudagynyň ösüşini, şeýle hem multimodal görnüşinde ýük daşamak bäşleşige ukybyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny birleşdirilýän ulag ulgamyny kemala getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär.
Bu resminama TRASEKA (TRACECA) — «Ýewropa-Kawkaz-Aziýa» ulag geçelgesini guramak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasydyr.
Maksatnamanyň esasy maksady –harytlaryň Merkezi Aziýadan Ýewropa we yzyna ygtybarly üpjün edilmegini gazanmak üçin ýurtlaryň ulag kommunikasiýalaryny birleşdirmekdir. “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşygy 1998-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Baku şäherinde geçirilen sammitde gol çekildi we 2000-nji ýylyň 16-njy martynda güýje girdi.
Ylalaşygyň maksatlary Ýewropanyň, Gara deňziň, Kawkazyň, Hazar deňziniň we Aziýanyň sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmek; ýol, howa we demir ýol ulaglary, şeýle hem täjirçilik ýükleri üçin halkara bazara çykmagy ýeňilleşdirmek; harytlaryň, ýolagçylaryň halkara ugry boýunça we uglewodorod önümleriniň halkara daşalmagyna goldaw bermek; ýol howpsuzlygyny, ýük howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramagy üpjün etmek; ulag syýasaty, şeýle hem ulag pudagyndaky hukuk esaslary; hem-de aýry-aýry ulag görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmek bolup durýar.
Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary
döredilipdi. Onuň düzümine TRACECA agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň, TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler. 2020-nji ýyldan bäri Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň konsepsiýasynyň üstünde gaýtadan işlemek we onuň jemleýji görnüşini taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.
2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirilipdi. Munda, Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesi boýunça Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ornaşdyrmagyň Aşgabat prosesiniň çäklerinde ýükleri ibermegiň dünýä derejesindäki halkasyny sanlylaşdyrmaga wajyp goşandyny goşar. Halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda we Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasynyň ýokdugy göz öňünde tutulanda örän mohüm orun eýeleýär.
Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” geçelgesiniň kanunçylygyny sazlamaga, nyrh syýasatyny kämilleşdirmäge, institusional taýdan berkitmäge we ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary goldaýar. Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, “Aziýa-Ýewropa”, “Ýewropa-Ýakyn Gündogar”, hususan-da, “Lapis-Lazuli” we “Hazar deňzi-Gara deňzi” ugurlar boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy forumlarda we maslahatlarda nygtalýar.
Bu wajyp resminama hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijeleri boýunça badalga berilýändigi tötänleýin däldir. Ministrler maslahaty BMG-niň howandarlygynda «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen mowzuk boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.
Ulag geçelgeleriň döredilmegi gadym döwürlerde Türkmenistanyň çäginden geçen we häzir gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly bilen deňeşdirmek bolar. Ol biziň ýurdumyza üstaşyr ýük daşamalaryndan uly ykdysady peýdany getirmekden başga-da, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hyzmat eder. Ol multimodal, intermodal logistika merkezleriniň we guryýer menzilleriniň üsti bilen awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollaryny özünde birleşdirýän ulag ulgamlarynyň kemala gelmeginiň binýadyny goýar.
Döwletimiz ulag we üstaşyr geçelgelerinde üstaşyr ýük daşamak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, ýokary hilli ulag hyzmatlaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Sebitleriň arasynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň zerurlyklaryny çözmäge, halkara ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagyna, olaryň howpsuzlygynyň gazanylmagyna hem-de milli kanunçylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna giň şertleri döredýär. Ýurdumyzyň halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegi Beýik Ýüpek ýoluny täze şekilde dikeltmäge edýän tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdürilendir.