Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklary bilen bir hatarda Ulag we kommunikasiýa toplumynyň zähmet söýer işgärlerini döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin ildeşlerimiziň birnäçesi ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän beýik baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we üstünliklerini arzuw etdiler.