Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Bütindünýä durnukly ulag güni
mynasybetli Ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip etdi.
Arkadagly Serdarymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag babatda alty Kararnamanyň, şol sanda
Bütindünýä durnukly ulag günini döretmek baradaky Kararnamanyň kabul edilendigini belläp geçdi.
Resminama 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan edildi. Hut şol gün 2016-njy
ýylda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi.