Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.
Homratly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasy sebitde ulag merkezleriniň, täze üstaşyr geçelgeleriň kemala gelmegine we häzir hereket edýänleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi berer. Şeýle hem platforma Merkezi Aziýanyň döwletleriniň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Ýeri gelende bellesek, sebitiň ýurtlary Merkezi Aziýanyň, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň döwletleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýärler.