DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ KOMITETI AŞGABATDA DUŞUŞYK GEÇIRER

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly  üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.  

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösen demir ýol düzümli iri halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň biri bolup durýandygyny hem-de ulag ulgamynda daşary ýurtlar we halkara düzümler, şol sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän bu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.