DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN DEMIR ÝOL ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA YLALAŞDYLAR

Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki meselelerine, şeýle hem ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnamalara we mümkinçiliklere seretdiler.

«Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň ýükleriň daşalyşyny guramak edarasynyň ýolbaşçysy S.Norkobilow we «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýew ýükleriň daşalyşyny bökdençsiz üpjün etmek, ulaglar we daşalýan harytlar boýunça maglumatlary alyşmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar lokomotiw hojalyk jemgyýetleriniň arasynda özara tejribeleri alyşmak meselelerine hem seretdiler.

Özara gepleşikleriň netijesine laýyklykda, taraplar özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etmek we ösdürmek boýunça ylalaşdylar.