DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

TÜRKMEN TOPRAGYNA TÄZE TEPLOWAZLAR GELIP GOWUŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol pudagynda durmuşa geçirilýän işler bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda yzygiderli alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn häzirki zaman enjamlarynyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar. Aýratyn-da, ulag ulgamynyň ýük we ýolagçy gatnawlaryny üpjün etmekde özboluşly orna eýe bolan demir ýol ulaglarynyň düzümi barha artdyrylýar. Munuň şeýledigini ýurdumyza täze getirilen ýolagçy hem-de ýük teplowozy tassyklaýar. Milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde hem-de ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň demir ýol ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeleriň esasynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şu işlerde hyzmatdaş dostlukly daşary döwletler bilen gatnaşyklara giň orun berilýär. Şunda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolan Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklar, birnäçe beýleki ugurlarda bolşy ýaly, demir ýol ulgamynda hem barha üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň hem rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli uly üns bermeginde bu ýurt bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryna daýanyp alnyp barylýan işleriň hatarynda birnäçe döwrebap tehnikalar ýurdumyza getirilýär. Türkmen-rus gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilmegi bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek, ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerden özara bähbitli peýdalanmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak dostlukly iki döwletiň esasy üns merkezinde durýar. Muňa 7-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň duşuşygynyň çäklerinde demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak bilen bagly ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu duşuşykda türkmen-rus demir ýol pudaklarynyň hünärmenleriniň ähli ugurlar boýunça pikir

 

 

alyşmaklaryny guramak, Türkmenistanyň demir ýollary üçin wajyp bolan maddy-tehniki enjamlaryň önümçiligine goldaw 2 bermek boýunça garalan meseleler geljekde milli ulag ulgamynyň ösüşini üpjün eder. Munuň şeýle boljakdygyna ozal baglaşylan şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ine, “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki “Kolomenskiý zawod” paýdarlar jemgyýetiniň we “Brýansk maşyngurluşyk zawody” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda geçen ýylyň dekabrynda baglaşylan şertnama laýyklykda, TEP70BS kysymly ýolagçy teplowozynyň, şeýle-de 2TE25KM kysymly ýük teplowozynyň satyn alynmagy hem özara hyzmatdaşlygy berkidýän iki döwletiň jebisliginiň nyşany boldy. Önümçilik hili ýokary derejedäki täze ýolagçy we ýük teplowozlary ýurdumyzyň demir ýol pudagynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň has öndürijilikli hem-de işjeň bolmagyna ýardam eder. Ulaglaryň maddy-enjamlaýyn düzüminiň ýerli şertlere görä we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda üpjün edilmegine hormatly Prezidentimiz aýratyn üns berýär. Bu ugurda sebitde ulag ulgamynyň arabaglanyşygyny döretmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek bilen bagly alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, barha rowaçlanýar. Şunda türkmen-rus hyzmatdaşlygy esasynda durmuşa geçirilýän işlere aýratyn orun degişlidir. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde alnyp barylýan ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy gün-günden ösüşlere beslenýän Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Bu beýik başlangyçlar esasynda milli ulag düzümine gelip gowşan täze teplowozlar hem halk hojalygynyň umumy ösüşine goşant goşar. Munuň üçin demir ýol ulaglary pudagynyň ähli işgärleri döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip alkyş sözlerini aýdýarlar.