DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Lapis-Lazuli geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”

2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk akaly üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi.  
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Mustafaýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi dagylar gatnaşdylar.   
Duşuşygyň dowamynda taraplar gadymýetde Owganystanyň üstünden geçen kerwen ýollary arkaly daşalan gymmatbaha harydyň zümerret (lýapis-lazur) daşynyň ady bilen bagly Lapis Lazuli halkara üstaşyr ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar we geçen döwürde bu taslama bilen bagly amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar. Şeýle hem taraplar 2021-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän özara hereketler boýunça pikir alşyldylar.         
Duşuşygyň ahyrynda 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde gol çekilen Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Turkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek  hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň esasynda Lapis Lazuli geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyna” gol çekdiler.