DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda duşuşyk

 “Türkmendemirýollary” agentligi 2020-nji ýylyň 22-23-nji dekabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Demir ýol edarasy bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli garşyladylar we owgan tarapy şu günki wideokonferensiýa üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda 2011-nji ýylyň maý aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynda gol çekilen Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýoluny gurmak hakyndaky çarçuwaly ylalaşygyň esasynda alnyp barylýan Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşyk işleri boýunça maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatdaky taslamalaryň, şol sanda Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek babatdaky başlangyçlaryň hem durmuş-ykdysady taýdan uly netije bermegine garaşylýandygy we şol uguryň geljekde Hytaýyň demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginli ösýän döwletlerine çykarjakdygy bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Akina-Andhoý täze demir ýolunyň ýakyn wagtda ulanylmaga berilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri däbe öwrülen goňşy döwletler bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Owganystan Yslam Respublikasy bilen demir ýol ulag-üstaşyr geçelgeleri bilen bagly meseleler boýunça geljekde hem wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar geçirilse, iki döwlet üçin hem onuň uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.