DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Aziýa Ösüş Bankynyň (ADB) okuw maslahaty

2020-nji ýylyň 17-dekabrynda Aziýa Ösüş Bankynyň (ADB) gurnamagynda “Taslamalarda we Maksatnamalarda gender meseleleriniň hasaba alynmagy: esasy ýörelgeler we strategiýalar” atly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi.

Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam edýär. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan uly maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. “Türkmendemirýollary” agentligi hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, giň gerimli dürli ugurlarda alyp barýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, wagyz edilmeginde mynasyp, goşandyny goşýar. Gender deňliginiň üpjün edilmegi bolsa, şolaryň möhümleriniň biri bolup durýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, dünýäde gender aralygyny deň ýagdaýa getirmek üçin takmynan 200 ýyl gerek bolar. Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda Türkmenistanyň gender meselelerine uly ähmiýet berýändigi barada aýratyn belläp geçildi. Türkmenistan döwletimiz gender deňligi meselesinde “Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy”, “Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygy”, “Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasy”, Erkeklere we aýallara meňzeş zähmet üçin deň zähmet hakyny tölemek hakynda” we başgada birnäçe halkara konwensiýalaryň agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.