DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň agza ýurtlary tarapyndan (UNECE) wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) agza ýurtlary tarapyndan Ýewropa-Aziýa ulag geçelgeleriniň ugry boýunça ýönekeýleşdirilen howpsuz gatnawlary we söwdany ösdürmek üçin bilelikde amala aşyrylmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýa Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Turkiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Mangoliýa Respublikasynyň ulag edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň başyny Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ulag bölüminiň başlygy Ýuweý Li açdy. Ol häzirki wagtda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşyk toplumynyň tutýan orny barada gysgaça gürrüň berdi. Şeýle hem pandemiýa döwründe howa, deňiz, awtoulag, pudaklaryna düşýän paýlaryň peselendigini we 2020-nji ýylda demir ýol pudagynyň halkara ýük gatnawlarynda ähmiýetiniň artandygyny belläp geçdi. Maslahatyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar öz döwletleriniň ulag infrastrukturalaryny we halkara multimodal koridorlaryny işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem taraplar halkara multimodal gatnawlarda gümrük amallarynyň we nyrh syýasatynyň möhüm orny eýeleýändigini belledi.