DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň (UNESCAP) maslahaty

2020-nji ýylyň 25-26-njy noýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň (UNESCAP) gurnamagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewiliginden ugur alýan öňdengörjülikli syýasatyny ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdiren ulag diplomatiýasyndan ugur alyp, Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşyk ulgamynda amala aşyrylmaly taslamalaryň durmuşa geçirilişi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar pandemiýa döwründe serhet geçelgelerinde çäklendirmeleriň goýulmagy bilen bagly birnäçe kynçylyklaryň ýüze çykandygyny aýtdyp, bu mowzuk boýunça ýörite taýýarlanan tanyşdyrylyşlara uly gyzyklanma bilen seretdiler. Tanyşdyrlyşda Aziýa-Ýewropa sebitine emele gelen birnäçe täze ugurlar we seljermeler esasynda konteýner görnüşinde ýük gatnawlaryň möçberiniň 2020-nji ýylda 3 esse artandygyny görkezdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komitetiniň wekilleri pandemiýa döwründe azyk önümleri, lukmançylyk enjamlary, dermanlar we beýleki zerur ýükleriň durnukly halkara daşalmagynyň üpjün edilmegi üçin konteýner görnüşinde ýük gatnawlaryna isleg bildirýänleriň sanynyň artmagyny belledi.