DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda Ministrligi bilen iş maslahaty

“Türkmendemirýollary” agentligi Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda Ministriligi bilen 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda Ministriniň orunbasary A.W.Gruzdew ýygnaga gatnaşyjylara pandemiýa döwründe saglyk we üstünlik dileg edip, gämi we demir ýol pudagynda döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändigini mälim etdi. Ol häzirki wagtda ýük we ýolagçy lokomotiwini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin belläp, rus kompaniýalarynyň, esasan hem “Altaý wagon” paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistan döwletimizi dürli görnüşli lokomotiwler bilen üpjün etmekde hyzmatdaşlyga doly taýýardyklaryny belledi. Şeýle hem türkmen kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň önümlerini diňe bir Russiýa Federasiýasynyň bazaryna däl, eýsem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmakda ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda “Türkmendemirýollary” agentligiň wekilleri demir ýol pudagynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatyndan ugur alyp, “Altaý wagon” paýdarlar jemgyýetiniň önümleri barada has giňişleýin maglumatlaryň berilmegini sorady. Duşuşygyň ahyrynda taraplar gelejekde hem döwletara gatnaşyklarda sazlaşykly we netijeli iş alyp barjakdyklaryny bellediler.