DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen maslahat

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen “Türkmendemirýollary” agenliginiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady Demir ýollar arkaly halkara ýolagçy gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek. Duşuşykda içerki ulaglar boýunça Komitetiniň 264-nji kararnamasynyň ähmiýeti bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde ýol hadysasyndan bir güniň dowamynda müňlerçe adamlaryň heläk bolýandygyny şeýle hem adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly birnäçe ileri tutulýan ugurlary aýratyn belledi.

Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri haryt daşalanda ýüze çykyp biljek betbagtçylyklardan gaça durmak, ulagyň tizligini ýokarlandyrmazlyk we ýol düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek ýaly birnäçe düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, demir ýol gatnawlarynda hem demir ýoluň we otly düzüminiň talaba laýyk bolmalydygyny belläp geçdi. Mundan başga-da taraplar ýol hadysalarynyň döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşine we ulag aragatnaşyk toplumyna gönüden-göni ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi. Agzalýan meseleleri nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ýol hadysalaryny azaltmak maksady bilen, degişli ýol düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.