DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen üçtaraplaýyn sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat

2020-nji ýylyň 27-28-nji oktýabr aýy aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sekretariýatynyň gurnamagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň çäklerinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugruny täjirçilik maksatlary üçin ulanmak meselesine seredildi.

Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň wekili jenap Sandip Janyň taýýarlamagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugry barasynda täjirçilik maksatlaryna gönükdirilen tanyşdyrylyş görkezildi. Ondan soňra üç döwletiň demir ýol edarasynyň wekilleri tarapyndan gol çekilmegi meýilleşdirilýän täjirçilik maksatlaryna niýetlenen üçtaraplaýyn Ähtnamanyň taslamasyna seretdi. Ähtnamanyň taslamasynyň esasynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugry boýunça ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üç döwletiň arasynda işçi toparynyň döredilmegi barada teklip edildi. Duşuşyga gatnaşyjy taraplar Ähtnamanyň taslamasyna ýakyn geljekde gol çekiljekdigine umyt bagladylar.