DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) okuw maslahaty

2020-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň gurnamagynda “Adatdan daşary ýagdaýlar we pandemiýa döwründe ynsanperwer pul geçirmeleri we kömegi” atly mowzukda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň başyny Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sekretary Kristina Weigand açdy. Ol häzirki döwürde COVID-19 pandemiýasy, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýaramaz täsirini ýetirýändigini we şol sebäpli, käbir ykdysady ösüş taýdan pes döwletleriň ykdysadyýetiniň juda pese gaçandygyny belledi. Kristina Weigand pandemiýa döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen guramasy hökmünde ÝUNISEF-iň alyp barýan birnäçe işleri we döwletlere edýän kömeklerini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar, kömek pullaryň geçiriliş usullaryna niýetlenen tanyşdyrylyşlara tomaşa etdi. Tanyşdyrylyşlarda nagt we elektron görnüşindäki pul geçiriş usullary, ykdysady ösüş taýdan pes döwletleriň halklaryna ugradylýan birnäçe dürli görnüşli kömekler we olaryň kyn günlerinde berilýän halkara hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly mowzuklar görkezildi.