DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Guramasynyň (GDA) demir ýol edaralarynyň, Nyrh syýasaty boýunça 29-njy iş maslahaty

2020-nji ýylyň 27-29-njy oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) demir ýol edralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Nyrh syýasaty boýunça 29-njy maslahat bolup geçdi. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Ukraýinanyň, Özbegistanyň Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň we Eston Respublikasynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň degişli wekilleri gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar demir ýol ulagy pudagynda halkara ýükleri daşamakda sebitiň döwletleriniň arasynda bir nyrh syýasatyny ylalaşmak şeýle-de halkara söwda we telekeçilik işleri bilen meşgullanýan kompaniýalaryň üstaşyr ýüklerini daşamakda olara ýeňillikli hyzmatlaryň berilmegi we başga-da birnäçe ulag we aragatnaşyk pudagyna degişli meseleler boýunça maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda taraplar bütin dünýäde ýaýran koronawirus ýokanç keseliniň ýakyn geljekde ýitip gitjekdigine umyt baglap, 2021-nji ýylda göz öňünde tutulýan 30-njy Nyrh syýasaty boýunça maslahaty Moldowa Respublikasynyň paýtagty Kişinýew şäherinde geçirmekligi makulladylar.