DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen maslahat

2020-nji ýylyň 21-23-nji oktýabrynda Aziýa we Yuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça bäştaraplaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasynyň dünýäde ulag üstaşyr gatnawlaryna ýetirýän uly täsiri netijesinde, konteýner we fiting görnüşindäki ýükleriň daşalmagyna islegleriň artýandygy bellendi. Şeýle hem Türkmenistan-Turkiýe aralygynda hereket edýän konteýner we fiting görnüşindäki ýükleriň möçberiniň hasabatlary tanyşdyrylyş görnüşinde maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Tanyşdyrylyşda 2020-nji ýylda konteýner we fiting görnüşindäki ýükleriň möçberiniň ýokarlanýandygy we 2019-njy ýylyň hasabatlaryna garanyňda 2020-nji ýylda konteýner görnüşindäki ýükleriň gatnawynyň 3 esse artandygy görkezildi. Maslahata gatnaşyjylar ýükleriň mundan beýläk artdyrylmagyna degerli täsirini ýetirjek nyrh syýasaty barada hem pikir alyşdy. Duşuşyga  gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdiklerine we ösdürjekdiklerine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge  gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.