DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) wekilleri bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda geçirilip, onda “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasynyň meselelerine seredildi. Maslahatda Aziýa Ösüş Bankynyň wekillerine “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek üçin niýetlenen dürli görnüşli tanyşdyrlyş görkezildi. Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmegi lokomotiwleriň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmaga we ýük we ýolagçy otlularynyň tizliginiň ýokarlanmagyna getirer. Aziýa Ösüş Bankynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde taraplar taslamanyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny bellediler. Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri taslamanyň maliýe we ykdysady meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmäge doly taýýardyklaryny mälim etdiler.