DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň demirýolçularynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi

Şu gün “Turkmendemiryollary” agentliginiň edara binasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerkbulan Sapiýewiň, “Gazagystan Demir ýoly Milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Çingiz Kakenowyň gatnaşmaklarynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. 
Maslahatda türkmen-gazak demirýolçularynyň öňünde durýan wezipeler, hyzmadaşlyk meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça hereket edýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmek, demir ýol ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda bolsa giň gerimli işleri geçirmek, demir ýol ulagy bilen daşalýan ýük dolanşygyny artdyrmak, konteýner gatnawlaryny köpeltmek üçin halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr geçýän ýükleriň mukdaryny has-da artdyrmak we olaryň geografiki çäklerini giňeltmek maksady bilen taraplar nyrh syýasatyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm ulag-üstaşyr halkasy hökmünde onuň barha derejesiniň artýandygy, Ýewropa bilen Aziýa kontinentiniň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalanjakdygy hem bellenilip geçildi. 
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda demir ýol ulgamynda bar bolan ägirt uly kuwwaty doly amala aşyrmaga gyzyklanma bildirip, sebit hem-de yklym ähmiýetli ulag-logistik mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin şertler döredýär. 
Duşuşygyň dowamynda “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasynyň ähmiýetiniň uludygy we bu taslamany amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etjekdikleri barada hem durup geçdiler. 
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki goňşy we doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna demir ýol ulgamyny ösdürmek üçin berýän goldawlary üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.