Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ulag üstaşyr ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär.
COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň bütin dünýäde ýaýran döwründe demir ýol ulgamynda ýük gatnawy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa öz gezeginde demir ýol ulgamynyň giňelmegine, döwletara we üstaşyr ýük gatnawlarynyň mukdarynyň köpelmegine, sebitleriň ýurtlarynyň arasynda şeýle hem, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda multimodal we konteýner gatnawyna öz saldamly goşandyny goşýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanda öndürilen dürli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak üçin daşary ýurt öndürijilerinden häzirki zaman lokomotiwleri satyn almak bilen baglanyşykly sorag ýüze çykýar.
Şunuň bilen baglylykda 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk arkaly “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň arasynda ТЭП70БС we 2ТЭ25КМ görnüşli lokomotiwleri satyn almak barada onlaýn görnüşinde şertnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda iki tarap hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirdiler we geljekde ätiýaçlyk şaýlaryny almak üçin şertnamalary baglaşmak hem-de türkmen demirýolçylary üçin okuw maslahatlaryny gurnamaklyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.