DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Ukrainanyň “Dneprowagonmaş” hususy paýdarlar jemgyýeti bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Ukrainanyň “Dneprowagonmaş”  hususy paýdarlar jemgyýeti bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşykda ukrain tarapy “Dneprowagonmaş”  hususy paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen dürli görnüşli wagonlar bilen tanyşdyryldy. Öndürijiler isleg bildirýän dürli wagonlarynyň mümkinçilikleri barada maglumatlary berdiler.

Türkmen tarapy ukrain kompaniýasynyň öndürýän önümleri bilen tanşyp, ikitaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

COVID-19-yň bütin dünýäde ýaýramagy sebäpli serhetleriň ýapylmagyna ünsi çekip, ukrain tarapy, türkmen demirýolçularyny önümler bilen kompaniýanyň sergi meýdançasynda gönüden-göni tanyşdyryp bilmeýändigine gynanç bildirdi.

Şol bir wagtyň özünde, “Türkmendemiriollary” agentliginiň hünärmenleri Ukraina tarapynyň beren çakylygy üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler.