DEMIRÝOLLARY
Русский
Habarlaşmak

Habarlar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üç taraplaýyn gepleşikler geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda ulag we logistika meseleleri boýunça iş maslahaty geçirildi.

COVID-19 keselini bütin dünýäde ýaýramagyna garşy göreşilýän döwründe döwletleriň arasynda ýük gatnawyny artdyrmak maksady bilen, Azerbaýjan tarapyndan Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça taýýarlanan ýol kartasyna seredildi.

Ýol kartasynyň seljeriş döwründe Taraplar multimodal gatnawlar üçin bu ugur boýunça ylalaşylan nyrh syýasatyny ösdürmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli  üstaşyr gatnawlary üçin ýeke-täk operator hökmünde çykyş etjek Türkmenistanda we Azerbaýjanda kompaniýalarynyň döredilendigi, şeýle hem Owganystanda ýeke-täk operator döretmek mümkinçiligine seretmekligi  barada maslahat berildi. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň koronawirus pandemiýasy wagtynda konteýner gatnawyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Bu nukdaýnazardan taraplar dürli ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin taraplaryň görülýän çäreleri barada bellediler. Däbe göre üç taraplaýyn duşuşyk üçin birek-birege minnetdarlyk bildirip hoşniýetly hoşlaşdylar.