2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň demirýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Duşuşykda, türkmen hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýan Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy, Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag üstaşyr ugrundaky ykdysadyýetini ösdürjek we sebitden geçjek harytlaryň Ýewropa bazaryna çykmagyna mümkinçilik döretjek Turgundi-Hyrat demir ýol taslamasynyň durmuşa geçiriliş barada maslahatlaşyldy.
Imamnazar-Akina we Serhetabad-Turgundi serhet geçelgelerinden ýük otlylarynyň işlemegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar pandemiýa döwründe ýük gatnawynyň peselmeginiň öňüni almak üçin Owganystana gidýän/gelýän harytlaryň nyrhlaryny täzeden gözden geçirmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar. Däbe görä taraplar sagbollaşdylar.